10:48 Gije | |
|
Irkilipdir derýa-da, Asuda daş-töwerek. Aýdym aýdanok bilbil, Jokjoky ses edenok. Gije. Ümsüm töwerek, Çeşmejik şildireýär. Aý öz şöhlesi bilen, Kümüşsöw reňke çaýýar. Derýa-da kümüş reňkli, Çeşme-de kümüş reňkli, Sähradaky otlaram Kümüş reňke boýalan. Gije. Ümsüm töwerek, Süýji uka giden dek. Aý öz şöhlesi bilen, Çaýyp dur kümüşsöw reňk. Uka giden jaň, Topragy oýandyrdy. Güne garap ukuly, Ene ýerem ýylgyrdy. Al-asmana galdy, Paltaň urgusy. Tokaýda ýaňlanýar, Adamlaň sesi. Derýaň aňyrsynda, Gizlenipdir Aý. Tolkunlar bir geňsi, Gurapdyrlar ýaý. Ukudan açylýar, Asuda sähra. Hem jyňňyrdyň sesi, Daşlaşýar barha. ■ MAMAMYÑ ERTEKILERI Gyş agşamy aýdym aýdyp, Şatlyk bilen degşip-gülşüp Ygyp-ygyp öýe barýas, Belentden-peslikden aşyp. Sankiden soň, tegelenýäs, Garry mamamyzyň daşna. Hem garaşýas Iwan hakda, Ertekisini başlamagna. Otyrys alman demimiz, Wagt barsa-da bir çene. “Ýatyň” diýse-de ejemiz, Eşitmedik bolýas şonda. Erteki-de boldy tamam, Indi niçik uklajak sen? Ýalbarýarys mamamyza, Diňlemekçi ýaňadandan. Olam bize diýýär: “Şeýdip – Oturjakmy siz daňa çen?” A biz bolsak “bol-da bol” diýp, wagyrdaşýas ýerli-ýerden. Sergeý ÝESENIN. Terjime eden: Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
| |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
