11:17 Gitme diýerin | |
|
Gitme diýerin, gidersiň sen, Bary indi puç diýip, Sen meni hiç söýmediň Aňyrýana gaç diýip, Wagtyň barka git diýdiň Özge birin gu:ç diýip. Ýoluk halda bilmediň sen, Ganatyň bar uç diýip. Öz-özüme käýindim, Sensizlige duş diýip. Köp pikirim ýalňyşdy, Ýüregimi aç diýip, Doýarynmy bilemok? Bişirmeden aş iýip. Bar dilegim Alladan, Keremiňi sa:ç diýip. ...Käte ynsan ýalňyşýar Göz ýerine gaş diýip. Diýerinmi bilemok, Golaý ara: "daş" diýip... ✍Ahally | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
