19:29 Goç | |
|
Seň maňlaýyň tüňňüligi nämüçin?! Neçün burum-burum buýnuzlaň, goçum?! Niçik ykbal: halkyň ýeke däbi üçin Başa-başda boýny üzülen goçum. Synlap türkmen ýasaw keşbiňi içgin, Ýene niçik many aňlaýyn. goçum?! Ýarylmak, bolmasa ýardyrmak üçin Tüňňi bitipmi seň maňlaýyň, goçum?! Howpuň howuny basyp temegiň bilen, Sürüp barýaň taýpaňyzyň gämisin. Goçum, sen öz köse eňegiň bilen Goramaly gür sakgallaň namysyn! Ýogsam seň alnyňda geçilerem kän, Serkeler... sakgaly, gaşlaram uzyn. Olar seň köpriňden geçibilermikän?! Geçmez. Şonuň üçin ýaşlaram uzyn. Hiç kimseden hiç bir närsä hiç haçan Seň hakyň ýok bolmaklyga tamakin. Serdarlykda göz küteler, güýç gaçar, Seň GOÇ bolup doglupsyň, - Saňa kyn!!! Torum ÝAÝLAN. | |
|
| |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||
