21:58 Gökdepe galasy | |
|
Şehitleriñ gözýaşyna eýlenip, Atalaryñ gany dökülen gala. Arassa topragyñ ok-däri bilen, Otlanyp, kül bolup, ýakylan gala. Asmanyñ ýüzüni tutan tot-duman, Ol gün seniñ ýüregiñi daglapdy. Gökdepe galasy, gahryman galam, Seniñ üçin külli türkmen aglapdy. Öñünde müñ kerem çöküp dyzyma, Seniñ diwarlarña togap edýärin. Aýat-töwür bilen öten-geçenleñ, Bu gün ruhlarna siñip gidýärin. Sen türkmeniñ ary-namysy bolup, Tas ýeriñ ýüzünden ýitip barýadyñ, Gark bolan gämi deý suwuñ ýüzünde, Gahrymanlañ bilen batyp barýadyñ. Tañrym, medetkärim, perwerdigärim, Türkmeniñ iline saldy nazaryn, Taryh adalaty jar edip bu gün, Ahyry agtaryp tapdy güzerin. Şol güzerde ýaşyl tugun galdyryp, Türkmenlerden bir beýik är döredi. Ata-babalaryñ ruhun saklap, Bu gün, Galam, seniñ halyñ sorady. Saparmyrat atly hoşsurat ýigit, Türkmeniñ iline çykdy baş bolup, Halkyñ beýik ogly, hakyñ halany, Gurdy öz döwletin hak ýoldaş bolup. Magtymgulyñ ruhuna eýlenen, Watanyna Görogly deý wepaly. Türkmenbaşy bu gün seni galdyrýar, Musulmanlañ hut käbesi mysaly. Gökdepe galasy, mähriban galam, Guwan, öz ogluña, öz syrdaşyña, Ady arşa çykan türkmen iliniñ, Ol söwer ogluña - Türkmenbaşyña! Bally AÝDOGDYÝEW, mugallym. "WATAN" gazeti, 1995 ý. | |
|
| |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
