***
Gyýyla-gyýyla usurgan göwnüm,
Hiç bir zada parh goýmaýar däli deý,
Öňki deý lokga däl bolupdyr döwnüm,
Özümden öň garrap barýan ýaly heý.
Gysylypdyr-gysgalypdyr has beter,
Äleme-de sygman ýören halyna,
Etsem-goýsamlary şeýle elýeter,
Höwesi ýok egnindäki şalyna.
Elene-elene mähiri öçen,
Gözlerniň göreji garap dur kese,
Magşuk gözeline dünýäsin açan,
Yşgyn rowa görebilmän herkese.
Onuň üçin süýji düýnler ýok indi,
Bir manyda jan aljak, jan berjegem.
Diline-diline ýadapdyr dymdy,
Bolmaýar ol öz göwnüni görjegem.
Goşgular
Категория: Goşgular |
Просмотров: 596 |
Добавил: Raýdaş
| Теги: Allanazar Rejebow
| Рейтинг: 5.0 /1
Awtoryň başga makalalary
Goşgular bölümiň başga makalalary
Teswirleriň ählisi: 3
Порядок вывода комментариев:
По умолчанию
Сначала новые
Сначала старые
0
Gowy goşgy.Täsirli.Göwnüňi açyp,düşen halyny görübem,ýene-de ýapyp, gulplap goýmak...- haýynlyk... emma... bu meselede maslahat bermek aňsat,özüň şol maslahata eýermek kyn.
0
Täsirli goşgy.
0
Birmahalky şol giñ göwnüm,
Ýatladyp dur,aýna döwgün...