Owganystanly türkmen gardaşymyz Haýrulla Çalyşyň Kitapçymyzda goýlan ilkinji şygyry meni begendirdi. Umyt edýärin ýakyn wagtda bu türkmen şahyrynyň başga-da şygyrlaryny bu ýerde okarys we özara pikir alyşarys. Meniň tanaýan daşary ýurtly türkmen şahyrlarymyň arasynda goşgy ýazmagyň täze bir formalaryny agtarýan we olary öz döredijiliginde synag edip görýän Haýrulla Myrady bu ugurda uly üstünlikler gazanýar. Häzrki bize ýetirilen şygyrda hem gadymy türk şygyr ýazylyş formasynyň kyn bir görnüşi bolan týug kapyýalary ulanylypdyr. Haýrulla gardaş, saňa döredijilikde we türkmen çagalaryna bilim-sowat öwretmekde edýän we etjek bolýan işleriňde uly üstünlikler dileg edýärin! Galamyň ýiti, ylhamyň derýa bolsun, şahyr gardaşym!