GÖWÜN AÝNASY
Göwnümde galan kineler,
Mañlayymda goýdy gasyn.
Hünji deýin ünjuleri,
Neden unutmadym basym?
Öýkelermi düwünçege,
Düwdüm-de kalba okladym.
Men olary hiç çözmedim,
Yürekde gizlin sakladym.
Aý aýlandy ýyllar geçdi,
Gül baharly günler geçdi.
Ýyllar egismedi kinäm,
Düwünçegim agyrlaşdy.
Birek-biregi ynjydyp,
Göwne degmek nämä gerek?
Ahyrynda dolup-daşyp,
Bir gün çat açmazmy ýürek?
Döwülen göwün aýnasyn,
Ýelimläp düzedip bolmaz.
Satyn alyp bolmaz ony,
Gaýdyp onuň ýüzi gülmez.
Ayjemal BABAGULYÝEWA.
Goşgular
Категория: Goşgular |
Просмотров: 558 |
Добавил: Aýjemally
| Теги: Aýjemal Babagulyýewa
| Рейтинг: 5.0 /1
Awtoryň başga makalalary
Goşgular bölümiň başga makalalary
Teswirleriň ählisi: 8
Порядок вывода комментариев:
По умолчанию
Сначала новые
Сначала старые
0
Ömrüñ bolsun
0
Salam hemmanize. Men şu gun saýta "girmegi" öwrenýän. Käbir harplary dogry ýazyp bilmedim. Bagyşlañ!!! Öwrenerin nesip bolsa...
0
Köp sag bolun goldawynyza
0
Haýyş kömek edäýiň mowzuk nädip açylýär?
0
Mazmuny sada gornüşde, siňňinlik bilen teswirleýän gowy goşgy.
0
Gowy goşgy.
0
Göwnümde galan kineler,
Mañlayymda goýdy gasyn.
Hünji deýin ünjuleri,
Neden unutmadym basym?
Öýkelermi düwünçege,
Düwdüm-de kalba okladym.
Men olary hiç çözmedim,
Yürekde gizlin sakladym.
Aý aýlandy ýyllar geçdi,
Gül baharly günler geçdi.
Ýyllar egismedi kinäm,
Düwünçegim agyrlaşdy.
Örän gowy başlanypdyr. Başky üç bendiñ özi ÿeterlik ekeni.
0
Ahyrynda dolup-daşyp,
Bir gün çat açmazmy ýürek? ...
Dogry aýdýan Aýjemal. Öýkeleriñi, derdiñi goşgy bilen paýlaşmak gerek. Belki, şonda ýürek ynjalar. Ylhamyña bereket.