19:34 Göwün binasy | |
Seniň göwnüň üçin göreşdim ýördüm, Raýyňy ýykmadym, goýmadym ünjä. Ähli arzuwlarmy göwnüňde gurdum, Seni mydam öwürmäge begenje. Seniň göwnüň üçin ýaşadym ýördüm, Durmuşyň özi diýp düşündim göwne. Ähli dolulylygy göwünde gördüm, Ol bolmasa haňlap ýatar bu göwre. Seniň göwnüň üçin aýryp gaýgyny, Şatlyk dänesini ýüregňe sepdim. Bu dünýäde beýik, tämiz söýgini Ine, şu mähriban göwünden tapdym. Seniň göwnüň üçin ýeňişli boldum, Seniň göwnüň üçin geçdim menzili. Göwnüň üçin göwne siňişli boldum, Öz göwnümde gördüm göwnüň meňzini. Seniň göwnüň üçin açyk dünýäde, Açdym ýapyk göwünleri birme-bir. Göwnüň göwünlere baglady bada: Asman-Zemin diýýär: «Arkaýynja gir!». Seniň göwnüň dünýä belli matlaby: Gahar, öýke-kine, ynjy ýok asla. Seniň göwnüň jennet eken gatlary, Şol ýaşap ýörmeli asyrma-asyr. Seniň göwnüň: oňatlygy döretmek, Döretmek sözleriň şirin-nektaryn. Pikirleriň doňaklygny eretmek, Hak işleri göwnüň bilen haklaryn. Göwne ýollar çekmek — ömrüň senasy, Ajap, göwün hakda pikirde ýörmek. Bagt, mydam göwne goragda durmak, Bu dünýäniň ilkibaşky binasy — Göwünleň içinde päk göwün gurmak! Süleýman ILAMANOW. | |
|
| |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
