10:33 GÖZELLIK | |
|
Görüň, agtyjagma aýak bitipdir, Akja diş görünýär ýylgyran wagty, Gözleriň garasy mähre batypdyr, Dünýäniň ýaşajyk şitil-daragty. Öz dilinde bir zat diýip gürleýär, Lak ataýsak gollaryny galgadyp, Şindi päkje, aldanmany bilmeýär, Bilenok ol ýalňyşlarny düzedip. Gözüm gidýär onuň täsin bolşuna, Onki süňňi durşy bilen çagalyk, Deň-je gülýän jykyr-jykyr gülşüne, Bolýar eken beýle ajap sadalyk. Aglasa-da özi bilmän aglaýar, Biz onuň keşgine-azarna gurban, Didelerni balkyldadyp garaýar, Biz onuň intizar nazarna gurban. Zeminiň bar ýagşylygy arzuwmyz, Kalbyň gözel, özüň gözel bol balam, Siziň barlygyňyz-biziň barlygmyz, Bagşy-ozan bolup ile dol balam. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
