07:41 Gözler gözellikde eglensin | |
|
Gözleň gözellikde eglense ýagşy, Çünki gözellige teşnedir olar. Göz öňüňden geçer müňlerçe gözel, Ýöne diňe biri seniňki bolar. Gözleň gözellikde eglense ýagşy, Aýyň gijelerde eglenşi ýaly. Ýagyş damlajalaram ýere düşmänkä, Güllerde eglenýär myhman mysaly. Gözleň gözellikde eglense ýagşy, Gözellik bar ýaradylşyň kökünde. Betniýetden dogýan betnyşanlygy, Ýok ediň, ýok ediň bagryn köwüňde. Gözleň gözellikde eglense ýagşy, Ýagşy zatlaň baky galýany üçin. Onda gözelligiň ýagşylyk bilen, Birmeňzeş bolmagy mümkündir, mümkün. Hoş sözlere büdräp bagtly ýollarda, Hoşluk bilen geçireliň ýaşaýşy. "Ýaşanyňa juda degýän dünýäde" Gözleň gözellikde eglense ýagşy. Isa HOJAMERDANOW. | |
|
| |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
