10:56 Gözlerime ilmersiň | |
|
Menem bir gün seniň ýaly bolaryn, Özüň idemeseň idäbem durman, Özge birniň gözlerine dolaryn, Onsoň ölüp-öçüp küýsäbem durman. Şondan soňra özüňe-de belli bor, Nä hyýalda gezdireniň aý-günläp, Zada garaýşyň-da telli-pelli bor, Ýörersiň myş-myşly gürrüňler diňläp. Göwnüňe-de geler her hili zatlar, Üýtgän ýaly bolar adamlaň bolşy, Ýadyňa-da düşer kän zat, kän atlar. Tersleşen ýaly bor Aý, Günüň dogşy. Illeriňem saňa nebsi agyrmaz, Duýan bolmaz dünýä sygman ýörşüňi, Halyň niçik diýip hiç kim çagyrmaz, Bilen bolmaz aglap jiger ýarşyňy. Ýüregiň agyrly gezersiň mydam, Lukmanlara ýüz tutubam bilmersiň. Delmuryp çar-ýana goýaňda gadam, Senem meniň gözlerime ilmersiň. | |
|
| |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||
