07:41 Güller ynjarmy? | |
Äleme gözeller patyşa bolsa, Oňa hyzmat eden gullar ynjarmy? Pesden uçan daşdan daşa atylar, Tolkuny zor bolsa, siller ynjarmy? Munda gözel bolan soltan saýylar, Pudak kibi söwdügine sarylar. Al-ýaşylly dürli lybas geýiler, Ýaşylyň üstünde allar ynjarmy? Telbe edip, akyl-huşum alynça, Muhabbet-de iki başly bolynça, Hasrat bitip, wagt-sagat dolynça, Ýassanyp ýatmaga gollar ynjarmy? Garajaoglan diýer, iliň nazary, Her jaýy dilber-le etme bazary, Dünýäde söýmeli nowjuwan ýary, Käkilleri ýüzde, teller ynjarmy? Garajaoglan. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
