18:59 Güllesin | |
|
Penjirämiñ öñündäki şetdalyñ Gülümsiräp gyzgylt näzik gülleri, Göýä ''Keýpiñ neneñ, ýagşymy tabyñ?'' Diýýän ýaly yrañ atýar tilleri. Ah, ne gözel, onuñ elwan görnüşi, ''Elwan miweleri getirin'' diýýär. Her güli mysaly halynyñ nagşy, Gözelligiñ nagşyn duýgyña guýýar. Gül ýapragy diýýän ýaly ''Unutma, Diñe timar berseñ, dörär şetdaly. Işlemäni ýatyp iýýändir öýtme, Gündiz zähmet çekip agşam ýataly''. Diýdim oña: ''Men aşyk señ gülüñe, Aşyklara ýatdyr ýadamak, armak. Bar güýjüm peşgeşdir seniñ erkiñe, Ýok, bolmaz, ýok bolmaz ýollarda durmak. Armaly dost, zähmet çekeli bile, Bize meñzeş dostlar bizi goldasyn. Bileleşip hyzmat edeli ile, Seniñ deýin bütin ülkäm güllesin!'' 1955. Berdi KERBABAÝEW. | |
|
| |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
