10:41 Gurjakbaşy | |
|
Hiç haçan men seniň duşmanyň däldim, Batga bolup garalmandym öňüňde. Onda nämüçin sen bukdaklap ýörsüň, Köýüp giden aryň bar ýaly mende. Ne-hä sen bir penje urýaň ýeňsämden, Ne-de aýdyp bilýäň ötgür sözüňi. Oýunjak gurjaklaň açaryn towlap, Perdäň aňyrsyndan dikýäň gözüňi. Soň gurjaklaň maňa oýun görkezip, Seň sözüň gaýtalap azar berýärler. Towy gutaransoň jansyz şeýtanlar, Ýene seniň huzuryňa barýarlar. Men ýatdan çykarman gurjaklaň oýnun, Men seniň kölgäňem çykarman ýatdan. Kölgeler gurjaklar bilen garpyşyp, Iripdirler ýöne ownuk azapdan. Eger-de meň boljak bolsa duşmanym, Aždarha dek, belent bolsun dünýäde. Kül üstünde oturandan bimaza, Gowudyr özüňi oklanyň oda. Annasoltan KEKILOWA | |
|
| |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
