13:55 Gurruk guýy | |
![]() "Gurruk guýa daş atsañ, Ýiter gider ejejan..." Lälelerden. Adam bar - dünýäñi gowuryp taşlar, Durmuşyñy öwrer sakar dowzaha. Adam bar - düýrügen dünýäñe girip Birujundan seni ýazmaga başlar. A sen düşen ýaly borsuñ uçmaha. Nirden, Nädip çykandygny bilmersiñ. Gurruk guýularyñ tümlügne bakman, Diñ salmak islärsiñ ümsümligine. Bek ýumup gözüñi böker goýbärsiñ, Garaşmarsyñ özgäñ iteklemegine. Ne gana boýalar, Ne ýaşa köýnek, Ýazygna-da galmaz bigünä gurduñ. Ýöne salamymy ýetirsin, meniñ Hyrydarym boljak Züleýhalara Garañky guýulañ düýbüni sermäp Ýatan Ýusubynyñ salamyn, derdin. Alybam çykmasyn meni bu çaýdan, Goý, ýitip gideýin atylan daş deý, Onuñ düýpsüz dünýäsinde ömürlik. Bir gün ýüzüginde zümerret gaş deý Ýalpyldap giderin kirpiklerinde Ýüreginde ýalkym saçar duraryn, Yşygym Aý nurun serpikdirende, Garañky bir guýa uçar duraryn. Men gözümi mäkäm ýumdum, barybir, Ýene-de şol çaýa gaçar duraryn, Gaçar duraryn... Has TÜRKMEN. Surat: Salwador Dali. | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |