13:12 Güýz | |
|
Güýz — bu sowallaryň dünýä inmegi, Pikirleriň goýalmagy gursakda. Ylham derýaň böwüsmegi serhedi, Gussa görünmegi gaýýan ýaprakda. Güýz — bu agras hemem sada pikirleň, Ýüregňe jogapsyz aralaşmagy. «Aýralygyň bir pursady» diýýäňiz, Ýok, ol ýürekleriň aradaşlygy. Sowuk şemal düşläninde ýürekde Bedenmiziň ynam bilen ýylaýşy. Umytsyz şahadan gaçan ýapragyň Ýaz gelende ýene täze döreýşi. Güýz — sadalyk, Güýz — agraslyk, Güýz — ynam, Umytly geljegiň badalgasydyr. Güýz — sowallaň döremegi gursakda Hem şahyr kalbynyň adalgasydyr. Göwher GURBANOWA. “Garagum” žurnaly, 6/2021. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
