08:31 Gybatkeş şäheri taşlap gideli... | |
Seniñ bilen bir şäherde ýaşaýas, Bir säheriñ howasyndan dem alýan. Eý, sen meniñ şahyrana dünýämde, Iñ mähriban ynsan bilen deñelýän ~ ...Hem undup bolmajak beşer çagasy, Neçüýn, roýuñ görmek kyn düşýär juda. Elbet, bir gün rowa görer wysaly, Bizi dar şäherde ýaşadýan Huda... Ýolda duş geläýjek ähtimalyñ ýok, Mende bolsa ganatam ýok uçmaga. Ýogsa seniñ äpişgäñden pel-pelläp Urnup... barardymam çaýyñ içmäge. Geçer, deñimizde durmaz bu günler, Ýat bolar dünýäniñ gaýgy, gahary. Gepimizi etjeklerden ýüz öwrüp, Gybatkeş şäheri taşlap gideli. HAS TÜRKMEN. Surat: Pablo Pikasso | |
|
| |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
