21:34 Gyzgynlygyñ çägi | |
|
▶ GYZGYNLYGYÑ ÇÄGI 36,0° Ynsan bedeniniñ ýylylygyny Saklap bormy elmydam bir kadada? Adaty adamlañ içinde ýaşap, Ýaşamasañ uzakda bir adada. Biler. Eger ýañky kişi durmuşda Gatyrak gülmese ýa aglamasa. Öz bähbidi bolsa bar aladasy, Başganyñ derdini hiç añlamasa. 37,0° Gyzyl serhet ýaly gyzyl çyzykdan Geçmän ýaşar gyzmalary ol geñläp. Gohly galmagally gyzgyn dünýäden Geçer gider atsyz ýyldyza meñzäp. Öz saglygy hakda kiçi alada Il hakdaky aladadan uludyr. Dünýäñ aladasy täsir edenok, Öz kiçijik bähbidiniñ guludyr. 38,0° Agyr güne düşen her bir adamyñ Ejirni jebrini ýüregñe gaplap, Batan batgasyndan çykarjak bolýañ Öz aklygyñ bilen kalbyny päkläp. Köşeşdi ol, unutdy öz derdini, Sen welin, undañok ony entägem. Özüñ ýykylsañam, döneñok yza Bu durmuşsa goldaw berip entäne. 39,0° Halkyñ özi ýaly alada uly, Derdi dep etmeli diñe perzentler. Howp duýmaly däldir asuda asman Parahat bolmaly şäherler, kentler. Buýsançly baş mydam bolmaly belent, Ýürekde saklaýañ Watan suratyn. Gyzgyn dünýäñ süñnün gyzdyrmaly däl, Özüñe almalt temperaturasyn. 40,0° Sowatmaly seri, gyzgyn dünýäni, Gyzgyn howry bedeniñe siñdirip. Diller dürli, ähli agy birmeñzeş Aglamaly aglaýany diñdirip. Huşumdan gitmänkäm, peşgeş edeýin Howurly dünýäme gülleñ gyzlyndan, Başga zatlan gelmez şahyra ajal, Şahyr öler ýürekdäki gyzgyndan... | |
|
| |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 2 | |
|
| |
