13:23 Hafyz Şirazly | |
Dünýäň depesinde ýaşap ötdi ol, Hak yşgynda gözlerini ýaş etdi. Hywa gözeliniň birje halyna, Samarkandy, Buharany bagş etdi. Hökmi ýöräp duran şa dälem bolsa, Ondan ejiz geldi zalym Teýmirleň. Dünýäň deň ýaryny basyp alsa-da, Şahyr mutyg däldi onuň emrine. Bu jahany gözellere bagş edip, Şeýdip gedaý galdy Hafyz Şirazy. Bir garyp jinde-de ötenem bolsa, Şahyr ykbalyndan razydy-razy. Şalar teňňesini ölçäp berýärkä, Ol tutuş şäheri joşup bilýärdi. Şalar ýaly çäkli däldi örüsi, Ol bütin dünýäde ýaşap bilýärdi. Beýle jomartlygy özünden başga, Edip biljek ýokdy meger jahanda. Aý,hawa-da Hafyz Şirazy bolsaň, Şeýdip ýaşamasaň nämetjek munda. Şöhrat ABDYÝEW. | |
|
| |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
