Kä pursat başyma ineni belañ Hakykat. Şo pursat daşyma boldy berk gala Hakykat. Betpälleri mydam menden daş etdi Hakykat. Ýagşy niýet ýagşylara duş etdi Hakykat. Ýowuz günde baýdak boldy goluma Hakykat. Toý-baýramda aýdym boldy dilime Hakykat. Kynçylykda synap gördi her daýym Hakykat. Göreşden soñ berdi bagtdan paýym Hakykat.
Adam, ol ýagşy bolsun, ýaman bolsun, hakykat bilen, şoňa söýenip, oňa daýanyp ýaşasa ol durmuş~ýaşaýyşdan ganygyp ömür sürer. Ynsanyň başyna düşýän agyrlyklaryň hakykylygy, ruhy hem maddy barlygyň kanagat berijilik hakykylygy adamzadyň ýaşaýşynda uýgunlaşma hakykatyny döredýär. Şol dörän hakykatyň ölçeg birliginiň esasynda adam güzeran arabasynyň tigirlerini aýlaýar. Yrsgal ymaratynyň saýasynda seleňleýär. Hyýaldan sa:p hakykat onuň kanagat galasyny berkitýär. Goşgy sada görnüşde bolsa-da, çuň many-mazmuna eýe.
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär. [ Agza bol | Saýta gir ]