05:42 Halkym | |
Dumly-duşdan ýöriş edip, Garaguma barýar halkym. Göçgün bilen ýaryş edip, Garagumy ýarýar halkym. Göýä tende goşa damar, Uzyn ýola düşýär demir. Sürmek üçin gözel ömür, Öñe bakan barýar halkym. Gurluşygy ele alan, Ýollar boýy jaýlar salan, Daşoguzy Lebap bilen Birikdirip berýär halkym. Uzak ýoly nazar alar, Çägelere ýagty salar, Uzyn göwre gider-geler, Şondan lezzet alar halkym. Göýä göwräñ uzan goly, Ýakynlaşdyr uzak ýoly. Ýurt eýesi türkmen ili, Her günsaýyn ösýär halkym 1948 Berdi KERBABAÝEW | |
|
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |