04:30 Halyçam | |
|
Bir halyça dokadym märiban ejem bile, Içinde bir kebelek gonan ýaly ak güle, On barmagmyň hünärin däne-däne oturtdym, Şelaýynlap gülleri näz edip dur bilbile. Sähramyň gülälekleri daglarynda öwüsýär, Kebelekleň yzyndan ak owlagym towusýar, Akar çeşmäň başynda gülälekler oýnaşyp, Çeşmäň suwun balyklar towsup-towsup böwüsýär. Inçe berip argaji ýakyn ekdim baglary, Ökde kakdym daragyn berk dursun diýp daglary, Alaja çitim bilen töweregi bezedim, Üstünde ýatyp-turan hoş bolsun diyp çaglary. Men-ä bir türkmen gyzy ýaz açylan gül ýaly, Goýun-geçi bakýan men ýüňünden dokap haly, Haýwanlaryn ekdiläp jan berdim men halyma, Meniň halym türkmeniň şahyrana hyýaly, Türkmende güýzüň gyzy şahyrana hyýaly. Merýem ZAMANY, Türkmensähra. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
