22:30 Halypa şahyrymyz G.Ezizowyñ ýagty ýadygärligine bagyşlanýar | |
Sen ýadyma düşseñ pikire batýan, Ýok, şygyrlañ o:ýunda däl bu serim, Meni çuñ pikire batyran ýagdaý Gursagña ok girip ýatan pursadyñ. Şol pursat arkañy berip topraga, Gözleriñi dikip gyzyl asmana, Iñ soñky demiñi alyp ýatyrkañ, Näme hakda gussalandyñ aýtsana. Belki ol gussañy duýandyr asman, Ol gussalar gatyşandyr topraga, Toprak bolsa agaçlara siñdirip, Agaçlar hem siñdirendir ýapraga. Şondandyr ýapraklar artan gussasyn, Paýlaşmakçy bolýandygy biz bilen, Iñ bir agyr bolan gussany bolsa, Paýlaşyp bolmaýar ýeke söz bilen. Ynha şonuñ üçin tüweleý turup, Bu gün bütin dünýäñ hasraty artdy, Bu gursaklar çekip bilmän gussañy, Ah çekdi-de dünýäñ ýüzün çalartdy. Resul ORAZOW. 29.09.2016 ý. | |
|
| |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||
