12:27 Hanha, mugallym barýar... | |
|
Hanha, mugallym barýar, Bolup bir gysym. Elinde hasasy, Maňlaýda gasyn. - Dur-eý, adam ogly, Eg oňa başyň! Seň üçin agartdy, Ol gara saçyn. Meň üçin ýygnady, Maňlaýa gasyn. Biziň üçin aldy, Gola hasasyn. Hanha, mugallym barýar, Billeri eglen. Dursana mugallym! Azajyk eglen! Men-ä bi , birwagtky, Garagol oglan… A , ol gidip barýar, Dähedem-dessem. Öňünde baş egip, Derdim egissem. Hemem maňlaýdaky, Gasynny öpsem. Hanha, mugallym barýar, Dünýäňe gurban. Kütelen gözüňde, Men özüm görýän. -Ol geçip barýar, Ýuwaşja ýöräp. Käte-de ýylgyrýar, Başyny yrap. Wah, bolsady ony, Ýyllardan gizläp, Garrylykdan gorap. Ýaşadyp bolsady, Oňa ýaş sorap. Durun-a çäresiz, Yzyndan garap. Hanha mugallym barýar, Uly bir dünýä. Ol garrap barýar. Derdimiz sorup, A, biz pikir edýäris Baýlyk hakynda , Ýa-da karz alynan Şaýlyk hakynda Bu dünýäň aldawçy, Maly hakynda. Pikir edemizok- Näme üçin.!? MUGALLYMYŇ haly hakynda... Ol bolsa, garrap barýar, Bolup bir gysym, Elinde hasasy, Maňlaýda gasyn, Togap et, ogşa Oň basan yzyn. Ogşa - Soňam tagamna düşün. Ylga - Hol barýan ejiz, Ysgynsyz göwräň, Öňünde dyza çök. Eg soňam başyň. Ýeke syrdaşyň - Ejeňiň öňünde Egen dek başyň. | |
|
| |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||
