21:58 Hasrata teselli setirler | |
|
Oýlandym oturdym, Ötenler hakda. Mazarda ses bermän, Ýatanlar hakda. Bu gün ötenleri, Ýatlamak gerek. Eger-de bar bolsa, Diride derek. Beriñ hudaýýoly, Gazanyñ sogap. Birne däl, hemmä-de, Ediñ siz togap. Galdyryñ töwiri, Mamalar üçin. Hak işe baş goşan, Danaher üçin. Ömri gysga bolan, Agalar üçin. Bigünä neresse, Çagalar üçin. Galdyryñ ýene-de, Babalar üçin. Arzuwy ir öçen, Sonalar üçin. Perzendin ösdürip, Toýuny görmän. Orta ýolda giden, Eneler üçin. Gapyllykda galyp, Biajal ölen. Sansyz ýiten, Ýene-ýeneler üçin. Edilsin hemaýat, Çekene jepa. Goýulsa sarpalar, Hasrata wepa. Düýnki hasrata, Gaplanan göwün. Hatyra gününde, Çözülsin düwün. Ajy gözýaşlaryñ, Kesilsin yzy. Toý üçin atylsyn, Gazanyñ duzy. Akbibi JANMÄMMEDOWA, Türkmenistanyñ Milli taryhy we etnografiýa muzeýiniñ ylmy işgäri. "WATAN" gazeti, 1995 ý. | |
|
| |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
