23:24 Haýyş | |
|
Gitme, bu owadan dünýeden gitme, Kõýdürilen ykbalymdan gitseñ-de. Ýolda-yzda sataşsak-da, ýatlar deý Geç, aýtma-da kalba gussa ýetse-de. Nirededir bir ýerlerde barlygñy, Duýup ýaşasam bor çykman gõzlegñe. Semender deý oda baranlygymy, Duýdurmaryn saña, bakman gõzlerñe. Bagtyñ üçin õzim eýledim pida, Pidasyz utuş ýok ykbal oýnunda, Kõýdürlen umydym etse-de seda, Sen mensiz ýaşaber bagtyñ goýnunda. Aýrylygña asla çytmaryn gaşym, Takdyryma kaýyl borun sem bolup. Sen gelmediñ diýip bakmaryn daşym, Ýaşasak bor bir howadan dem alyp. "Gelmedi " diýip gussa dõrse kalbymy, Ilden gizläp aglaşaryn dañ bilen. Ykbal çatrygynda aýrylsa ýollar, Senli günler ýaşar ýõrer meñ bilen. Yşkyñ otly lybasyny geýsem-de, Ýazmadyk takdyrdan almaryn gañryp. Elde elwan pyýalamy dõwse-de Bilmez hiç kes seni kalbymdan aýryp. Keşbiñ galan gõzlerimden gitseñ-de Dõzmerin owadan dünýeden gitseñ Menzillere õzge bilen ýetseñ-de Halym harap bolar dünýeden gitseñ.. | |
|
| |
