09:00 Her daban ýerini... | |
«Bu bagy-bossanlar Watandyr maňa». Atamyrat Atabaýewden. Her daban ýerini deňäp göreje, Söýdügimiz, şu Watandyr, Watandyr! Türkmenistan — belent at hem dereje, Saýdygymyz, şu Watandyr, Watandyr! Mährem käbelermiz — mähribanlarmyz — Mertleri döredýän gahrymanlarmyz. «Derkar bolsa, aýamarys janymyz», Diýdigimiz, şu Watandyr, Watandyr! Dostluga çagyryp ýakynyn-ýadyn, Arkadag berkidýär Watan kuwwatyn. Mertebä göterip mukaddes adyn, Uýdugymyz, şu Watandyr, Watandyr! Watan — tyllaýy Gün — ýylgyryp dogýan, Watan — ýaz güllerden ter çemen bogýan. Ýürekden bir täsin heň bolup çogýan, Aýdymymyz, şu Watandyr, Watandyr! Onda iller zähmet çekip armaýar, Goýnunda gezende gussa galmaýar. Erkinlik nyşany bolup parlaýan, Baýdagymyz, şu Watandyr, Watandyr! ■ Il bolup guwanýas serhetçilere Gulluk alyp barýan dag bilen düzde, Il bolup guwanýas serhetçilere. Tarypyny aýdyp senaly sözde, Il bolup guwanýas serhetçilere. Günleň uzynlygna, parhyna bakman, Watan goragyny saýýarlar ykbal! Saý bilen päkize göwnüni ýykman, Il bolup guwanýas serhetçilere. Yhlaslarna, heý, buýsanmaz ýalymy? Mähir bilen gurşaýarlar ilini. Dowam edýän atalaryň ýoluny, Il bolup guwanýas serhetçilere. Serhetde garşylap gül açan ýazy, Gyşa ýollaýarlar durnaly güýzi, Bilmän gulluk edýän gije-gündizi, Il bolup guwanýas serhetçilere. Janlary sag bolsun, başlary belent, «Olar öz ugruna talantdyr, talant». Watanyň başlanýan ýerlerne belet, Il bolup guwanýas serhetçilere. Myratgeldi HALLYÝEW. | |
|
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |