22:29 Hoş geldiň ylham | |
|
Kän garaşdym saňa, garap asmana, Ýöne senem wagty bilen gelmediň. Öňler-ä ýyldyrym bolup geçýädiň, Bu gezeg-ä indi şonam etmediň. Köp adamlar seň ýoluňda intizar, Sen bolsa süýjedip paýlaýaň özüň. Ýöne men-ä garaşmakdan irmerin, Uky diläp gyzarsa-da gözlerim. Ynha, nobat ahyr maňa-da ýetdi, Ýüregmiň dermany hem-de melhemim. Ýöne indi beýdip garaşdyrmawer, Hoş gelipsiň, hoş gelipsiň ylhamym! | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
