HÜŞGÄR BOL!
Gysylýaň, gyz, ol ýigidiň goltugna,
Onuň hossar boljagyny bilýäňmi?
Kimdigini saýgardyňmy?
Bildiňmi?
Seýil baga söýgi bilen gelýäňmi?
Belki, bu şeýledir,
Söýüp duşýansyň.
Belki – de, belki – de,
Sen ýalňyşýansyň!
Ýaňyja gidipsiň on sekiziňe,
Çekinýän şondan.
Azy ýaryp,
Agaň ýaşyn ýaşanlar
Köp işleri geçirendir başyndan.
Adamladan çekinjiräp, uýalyp,
Agaçlara duwlanma!
Gizlin syry saklap bilmez agaçlar.
Aldanaýma oglanňa.
Garaňky gijäni edinme perde.
Basym daň atar.
Hüşgär bol,
Namysy goragyn, uýam!
Syr bolsa aýan –
Ýigid-ä günäni başyndan atar ...
Gysmyljyran bolup ýigdiň goltugna,
Uýam, ysnat getiräýme adyňa.
Erte aglap barsaň dekenadyňa,
Gözüň sykyp barsaň rektoratyňa,
Ýetdigiň bolarmy öz myradyňa?!
■ LAKAMLAR
Otlanan obalaň öçdi ýalyny,
Ýakylan şäherler dikeldi birçak.
Polat köprülerem,
Demir ýollaram
Öňküdenem mäkäm, öňküden goçak.
Dogry, bular ezýet berdi birbada,
Talap etdi egsilmejek gurbaty.
Gijesini gündiz edip adamlar,
Äpet-äpet ymaratlar gurnady.
Gerçeklere ýadygärlik dikildi,
Ýaşadýar olary biziň ýaşlygmyz.
Şol günleri näletleýäs ömürlik,
Ýöne olaň mertligine aşyk biz.
Rehim ýok adama okdan – däriden,
Dert berdi öýünden sag gidenlere.
“Çolak”, “golak”, “tentek” deýin lakamlar
Ömürlik ýöňkeldi gül bedenlere.
Otlanan obalaň öçdi ýalyny,
Ýykylan şäherler dikeldi birçak.
Adama dakylan ajy lakamlar
Heniz-henizler-ä aýrylman durjak.
Ýüreklere tagma basdy ýitgiler,
Ýüreklere tagma basdy lakamlar.
Günälidir adamzadyň öňünde
Jogap bersin, uruş odun ýakanlar!
Begmyrat USSAÝEW.
Goşgular