12:55 Hut, şu pursat | |
|
Hazan urupdyrmy duýgularymy?, Olar menden öýkeli deý şu günler. Ne-hä gülüp bilýän, Ne aglap bilýän. Göýä jyda düşen ýaly göwünden. Gülleriňem, ýüzleriňem reňki ýok, Öňki döwrüň kinosynda gezýän deý. Ýazanlarmyň manysy ýok birjikde, Ylham menden baky ara üzýän deý. Tutmak islän zadym ele ilenok, Şemalyň ugruna gaýmalap ýörün. Maňa näme bolýa?, Men-ä bilemok. Gum görsem, oturyp dyrmalap ýörün. Iýýärin, içýärin, ýöne semrämok Nirä gidýär dişlerimiň azaby. Her zada baş urýan, emma göwnämok, Deregine berilýäni az ýaly. Çagalyk arzuwlam, terk etmäň meni, Gaýygym siz - suw düýbüne çökmejek. Meger, hut, şu pursat, (edil öz ýeri!) Söz berýärin, indi düýpli üýtgejek! | |
|
| |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
