Men ýene şol ýere gidip barýaryn,
Aýlar onki bolup öwrülýär ýyla,
Şolaryň içinde ýitip barýaryn,
Düşenligmi bilmän soňlanmaz ýola.
Barýaryn oýa hem ukuda pilläm,
Bir pursatlyk eglenmäge wagtym ýok,
Az-köp görsem ykbal eçilen hülläm,
Almaga-da, bermäge-de nagtym ýok.
Ozaldanam baş bermedik duýgynyň,
Dünýäsinde ýörenligim gumansyz,
Ýene barsam gaşyna şol söýginiň,
Bilsem-de gün geçmejegni amansyz,
Men ýene şol ýere gidip barýaryn.