03:20 Ilkinji posa | |
|
Ýañagyñda gün batypdyr gyzaryp, Gözleriñde ýylpyldaýar ýyldyzam, Kirpikleriñ çakyşanda her mahal, Ýüregimde çakyp gitýär ýyldyrym. Atyryña beýhuş bolan atyrym, Hut özi demiñden, lebiñden alnan. Ýañy süýjäp başlan terne lebleriñ, Posalardan eräp, bal bolup damar. Saçlaryñy ýüplik eden barmaklañ, Ysgynsyz güýç bilen itip döşümden. Sapma bagyñ, düwün berip pyntyklan, Güberilip... Göze ilginç döşüñde... Görünüp dur, Ünsüñ çekip tekepbir... Towlanjyrap... Ýylan ýaly bulanyp, Bürgüt penjesinden sypjak bolşy deý, Ýygrylýarsyñ, urunýarsyñ towlanyp. Razydyñ, teklibe bolmandyñ garşy, - El çekeýin eger isleg bolmasa, Şeýdip, ikimizi has ysnyşdyran, Utanjyrap beren ilkinji posañ... Remezan MÄMETGURBANOW. | |
|
| |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
