13:32 Ilkinji sapak | |
▶ ILKINJI SAPAK Gözi çyzylmadyk pişik çagasy ~ Entek kellesinem saklap bilenok. Galyp bilenok ol aýak üstüne, Emmäñ nirdelignem çaklap bilenok. Emma dek ýatanok garaşyp ýöne, Ömrüñ gözbaşyny ýadaman yzlap, Özi üçin gerlip ýatan enäniñ Garnynyñ bar ýerin çykdy ol ysgap. Ýöne ak pişigiñ iýmeşik tüýi Iññe bolup çümdi näzik temege. Emma, el çekenok çaga pişijik Islegne ýetmäge ymtylýar ýene. Göreş gerek bu maksada ýetmäge Gaçsa-da ysgynyñ, gaçsa-da güýjüñ. Onuñ barha basym ösýän duýgusy, Aldy ine, ýiti ysyny süýdüñ. Munda bir zat päsgel berýär, bökdeýär, Nämüçin ol öz kellesin sokmaýar? Sebäbi enäniñ emmesin häzir Başga bir pişijik ykjam sokjaýar. Pişigiñ emmesi az dälem bolsa, Bu taýy gyslyşyk, oña bu ýer dar. Entirekläp giden çaga pişijik Aga meñzeş naýynjar ses çykarýar. Äpet ene pişik ýatyr gerilip, Bakýar bu ahwala gözüni süzüp. Ýatyr öz bagryndan önen çaganyñ Çekýän azabyna mejbury dözüp... | |
|
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |