14:10 Indi telim aýdyr... | |
|
Indi telim aýdyr habar-hatyr ýok, Dünýäm, dünýe ýaly dymýaň nämüçin? Küýüm unutmakda, Undup bolanok. Saňa ýazmagam kyn, Ýazmazlyk has kyn. Sen gitdiň, Görerden aralyk alys. Şükür, ruhuň welin gidenok serden. Indi sabrym gaçdy, irdim men halys, Saňa meňzeş gyzy gözläp şäherden. Niçik, janyň sagmy? Hem bir tap barmy? Ýazyp dur bar bolsa, üýtgeşik geň zat. Käte durmuş bilen örän gadyrly, Käte gadry gaçan myhmana meňzäp. Ýaşap ýörün menem ýeriň ýüzünde, Belki, parham ýokdur onuň seň üçin. Durumsyzlyk bilen ýazýaryn ýene, Saňa ýazmagam kyn, Ýazmazlyk has kyn. Hata garaşýanam bolmagyň mümkin, Ýa meniň ýüregim duýmak ýerine Joraň bilen okap gülmegiň mümkin, Ýürek bilen ýazan setirlerime. Gülseňem owarram, Galmasyn arman, Söz ýürekde galman, goý çyksyn serden. Bary bir takat ýok, irdim men halys Saňa meňzeş gyzy gözläp şäherden. Ahmet GURBANNEPESOW. | |
|
| |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
