23:33 "Ine, Watan diýip.." | |
Açyk penjiräňden nur ýagyp dursa, Ýagşy niýet, ýagşy keşbe uýarlar. Depäňde lowurdap, Gün çogup dursa, Ine, Watan diýip, şuňa diýerler. Şahandaz jahyllar, owadan gyzlar, Özlerini guş dek erkin duýarlar. Bir perdeden gopsa çalynýan sazlar, Ine, Watan diýip, şuňa diýerler. Bir adamyň başy çala syzlasa, Goňşy-golam dogany dek söýerler. Gül göwünler bir ýaýlada ýazlasa, Ine, Watan diýip, şuňa diýerler. Uly derýalaryň batly akymy Bize tabyn, nirä sapsak guýarlar. Birleşse ynsanyň güýji, akyly, Ine, Watan diýip, şuňa diýerler. Bir göreniň ýene göresi gelse, Ýerden, gökden saňa ganat ýaýarlar. Ata — ogul, ene — gyzdan hoş bolsa, Ine, Watan diýip, şuňa diýerler. Heniz Gün düşmedik garlar ereýär, Dostlara dogan dek hormat goýarlar. Dünýä bize ynam bilen garaýar, Ine, Watan diýip, şuňa diýerler. Ýylgaý DURDYÝEW, Türkmenistanyň halk ýazyjysy | |
|
| |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
