12:02 Ir säheriň oýlary | |
Tuflimiň sesine ýüregmi deňläp, Bu günem ýene-de howlugýan işe. Ertiriň säheri ajaýyp neneň! Eý, Hudaý! Agşamky gussadan galmandyr nyşan. Ilki salam berýän juda ulumsa, Ýadyrgamok häzir sowuk nazardan. Lak atýan ýoldaky eýjejik çaga. Gül bolan bolsady, eger-de, göwnüm paýlasym gelerdi her bir ynsana. Howaň sowuklygam sussum basanok, Seredip göge... Garym-gatym bulutlary sermeýän, Ýodajyk ýasaýan ýörärim ýaly. Gör-le, muny?! Gussam ýeňläberse uçjak ekenim. Soňam batly ses bilen: "Adamlar! Men Sizi söýýän ekenim". "Allajanym, kesä çekmäbilsedi..." (Wiý, bu sözi içimden diýdim-ä!!!) Bilbil KAKABAÝEWA. | |
|
| |
