16:46 It | |
(Triptih) I. Düşünemok gykylygna itleriň, Uzak gije dawa-jenjel. Garpyşyk. Ümsümligi düýt-müýt edip barýarlar, Bogazlarny “ýakasy” deý ýyrtyşyp. Sögüşýärmi? Söýüşýärmi? – Aýan däl. Ýatagna-da girenok. (Ýerçekmişler!) Bu türkmeniň taryhyny oýaryp, Olaň sesi çozup gelýär geçmişden… Olja üstünde öz-özleri garpyşyp, Gygyryşýan garakçy deý ses edip, Ýarygije dawa turzup, dartyşyp, Çeýneýärler ümsümligiň jesedin… II. Ýatma, gysyp guýrugyňy ýamzyňa, Ýeriňden gal, ýogsam giderin geçip. Aýyp bolar dursaň maňa ýalbaryp, Sen it ahyr! Topul, agzyňy açyp. Jöwje, dişle, tä çykýançaň keýpden, Eşiklermiň birlaýlygyna gynanma. Ýapyşyber, senden hiç zat aýyp däl, Erbet ahyr, adam çekse synyňdan, Mydam duşup durmaz men deý ýuwaşlar – Ýarmak netiň bolsa, dişle şu sapar. Ýogsam ýene birne diş urjak borsuň – Başgalar beýtdirmez, tumşugňa kakar!.. III. Urdular köpegi üýrýäni üçin, Ýatakdan çykaryp, kowdular köçä. It üýrmejek bolup, hümledip için, Haraý gözläp, bakdy her bir ötägçä. Ol çydap bilmedi. Uwlady agşam, Ýellerden-ýagmyrdan gözleýip dalda. Ýene-de urdular edip eleşan Hem taşlap gitdiler çalajan halda. Köpek aýňalansoň soňky zarbadan, Boýnuny sallady. Üýrmedi gaýdyp. Öz bolşuna namys edip garrady – Gorkdy adamlardan, urarlar öýdüp. Ýöne munuň bilen gutaraýmady – Ters ýüzüne çöwrüp köneki derdin, Indi oň üstüne atyp haýbaty, Üýrmeýäni üçin berdiler merkin. Itiň içi-daşy talandy juda, Umytsyzlyk gujagyna düýrledi. Şeýdip, ynamyndan etdiler jyda, Mahrum boldy yhlas edip üýrmeden… | |
|
| |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
