02:36 Jan dilberim, bagyşlawer! | |
|
Golaýlaşýan, gorka-gorka, Jan dilberim, bagyşlawer! Aşyk öten, arka-arka, Jan dilberim, bagyşlawer! Ýakym-gözde, gül-çemende, Çäç-harmanda, hörp bar heňde, Aşyklar şeýle jemende, Jan dilberim, bagyşlawer! Gör, nijeler saýlap-seçen, Nijeleri ýaýnap geçen, Nijeleri ýanyp-öçen, Jan dilberim, bagyşlawer! Aşyklaryň ýol-ýodasy, Aýşy-eşretdir kadasy, Diýme: «Bu nämäň modasy?», Jan dilberim, bagyşlawer! Öter menden, senden öter, Ýetmän ötseň, şoldur beter, Ýörelmese, ot-çöp biter, Jan dilberim, bagyşlawer! Şu dünýädir bize pany, Sürmän öten köp, sapany, Kimdir söýmez hoş şypany, Jan dilberim, bagyşlawer! Ynam ýokdur ertämize, Haýal-ýagaly sür tize, Aýbym aýryp, ber tämize, Jan dilberim, bagyşlawer! Besdir, ugruňda köýmäýin, Ýüzüň-gözüňden ogşaýyn, Diýr Illi, söýip ýaşaýyn, Jan dilberim, bagyşlawer! | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
