06:53 «Jaýlarlar, çuñ gömerler-de...» | |
Jaýlarlar, çuň gömerler-de, Garypja tümmegiň ot örter daşyn. Eşderis daş, ýokarda, bir ýerlerde — Zeminde ýagyş ýagyşyn. Indi soramarys hiç zat hakda biz, Ukudan oýanyp mahal-mahallar. Bilýäs: goh bolmasa, o ýanda — güýzdür, Joşgunlymy, diýmek, onda — bahardyr. Söýginiň hem aýralygyň derdinden Gorandygy üçin tabyt tagtasy, Melullyk sesine ses bermedigi Oňatlykdyr şatlygyň hem hasratyň. Howlukmak gerek däl, ynjalyk indi, Meger, munda batarys oý-hyýala, Kemally-bikemal ömrüň teýinde Adamlaryň akly goýalar ýaly. Aleksandr BLOK. Terjime eden: Annamuhammet KIRŞENOW. * * * Похоронят, зароют глубоко, Бедный холмик травой порастет, И услышим: далёко, высоко На земле где-то дождик идет. Ни о чем уж мы больше не спросим, Пробудясь от ленивого сна. Знаем: если не громко – там осень, Если бурно – там, значит, весна. Хорошо, что в дремотные звуки Не вступают восторг и тоска, Что от муки любви и разлуки Упасла гробовая доска. Торопиться не надо, уютно; Здесь, пожалуй, надумаем мы, Что под жизнью беспутной и путной Разумели людские умы. 18 октября 1915 г. | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 4 | ||||
| ||||