08:42 Jezanyñ ulusy | |
|
Elhepus, bu daýzañ göripdigini, Haýran galýan beýle gylygyna oñ. Ekiz guzlan bolsa goýnuñ ýa geçiñ Olam bir şarpykdyr dulugyna oñ. Arada duldegşir goñşularynyñ Alan lotoreýi utupdyr haly. "Illeriñki şeýle bolaýýar" diýip, Jibrinýär öz zadyn aldyrýan ýaly. Öz boýdaşy düýnem gelin toýuna Çagyryp gidende yzyndan garap: "Illeriñki şeýle bolaýýar" diýip, Hyrçyny dişledi başyny yrap. "Tarpa-taýyn öläýipdir" pylany, Bu habary eşdip, "wah, wah-eý" diýmän, "Illeñ ölmem şeýle añsat bolaýýar" Diýenmiş diýýärler oñ özem duýman. Duýman ölüme-de göriplik edip, Göripligiñ bolsadysyn ekip ýör. Iliñ-günüñ oslamadyk jezasyn, Öz-özüne berip, özi çekip ýör. Anna GURTGELDIÝEW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1986. | |
|
| |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||
