00:25 Kämilligiň gözleginde | |
|
Gyssan, Berdinazar, gyssan birneme, Entek ýetilmeli menzilleriň bar. Berdinazar Hudaýnazarow Belki, saňa "sabyrsyz" diýr özgeler, Bilim bilen tutuş dünýäň özgerer, Kämil çykar kynçylyga döz gelen, Gyssan biraz, badyň artsyn düýnkiden. Neneň gyssanmajak kalbyňda hyjuw, Niçe kalpda saňa çäksiz ynam bar. Diýilmedik müňläp owadan sözler, Ahmal, seniň galamyňdan dogular. Meger, näçe syr bar dömülip çykjak Olar seniň gözlegiňe intizar. Gyssan, Aýmakowa, gyssan birneme, Entek ýetilmeli menzilleriň bar. Annabeg AÝMAKOWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby. | |
|
| |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
