23:38 Käni bar | |
|
Han içinde dürli nygmat käni bar. Han içinde nygmat içen adamyñ Hiç gümansyz köñlünde imany bar. Murda oldur, kim nesihat diñlemez Zahyran gerçe içinde jany bar. Zikri hakdan gapyl bolan adamyñ Ötse älemden onuñ ne sany bar. Hak ezelde kimsäni kylsa sagyt Bu nesihat müşkünden dermany bar. Pany içre tutmadyk Hak emrini Haşrda sansyz hezar armany bar. Gaty köñli sal nesihat suwyna Bolsa towfyk, ýumşasa imhany bar. Waý eger towfygy Hak-ýar bolmasa Neýlesin ol pent beren ýarany bar. Hiç ötermi urmak bile daşa ok Görse kim elde polat peýkamy bar. Zalymyb köñli eger daşdan gaty Nasyhyñ elinde ger suwhany bar. Hak işin asan eder ol bendäniñ Dünýä ahyr her kimiñ yhsany bar. Dirlik eden zikri hak birle dowam Rozy magşar hoş geçer döwrany bar. Söz bile tenbih kylar misgin Azat Ga:fyr atly her kimiñ subhany bar. Döwletmämmet AZADY | |
|
| |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
