11:24 Käsemiş | |
![]() Bir käse getirip goýdy öñümde, Dünýäden habarly ýatan käsemiş. Dokuz müñ dokuz ýüz on iki ýaşynda, Pany dünýä bilen ýaşyt käsemiş. Çyzygy üç, dört ýeriniñ moýy bar, Purgun Nebi jandan görgen öýi bar, Yzyna ýetişdim bir gün waýy bar, Soñuny gazana guýan käsemiş. Sylagy ýetipdir, basypdyr kire, Içine çoh salnyp, çekilmiş hara, Ini deşik-deşik, endamy ýara, Gutulmany batyl ýatan käsemiş. Eýäñ Mämetoraz sag bolsun başy, Içi gara goñur, ýelimli daşy, Soltansöýün şonuñ deñ-duşy, How ene dörände dörän käsemiş. Gurban aýdar, eýesi öwüp pul beren, Ýaşlygyndan gelin-gyza dil beren, Ahyrynda gerçek pire gol beren, Pire mürit bolup ýatan käsemiş. Gurban şahyr (1890/91-1917/18). | |
|
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |