18:44 Kemsinme, ezizim... | |
|
Kemsinme, ezizim, Kemsinme asla, Geýýän geýimleriň sadalygyna. Seni söýgim bilen bagryma basýan, Melul men gözleriň jadylygyna. Kemsinme, ezizim, durmuşda häli Meň kärim utulmak, Utup bilemok Hem käbir işewür adamlar ýaly, Arzan alyp, gymmat satyp bilemok. Kemsinme, ezizim, berme gama ýan, Ir-giç seniň sargydyňy bitirin. Häzir men bergimi üzmäge barýan, Soň saňa köýneklik mata getirin. Maňlaýdan der saçyp, Dilden dür saçyp, Işleýärin, baýlygym ýok, pulum ýok. Ýöne men bir zady aýdaýyn açyk: Meniň senden başga söýýän gülüm ýok. Men seni söýýärin, Söýýärin, ýöne Söýgi köýnek ýaly geýilýän däldir. Geýnüwli gelinler, Aý dek gelinler, Belki, seniň ýaly söýülýän däldir. Jumanazar ANNAORAZOW. | |
|
| |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||
