20:29 "Kerim şahyr ýazan eken şeýle bent..." | |
|
Kerim şahyr ýazan eken şeýle bent Goýup giden eken ömrümize pent Şol şygyra öýkünip, bagryndan em:p, Halypalaň şygyrlarna uýup geç, Okadyňmy ýene oka dowam et, Öwrenenňi öwrenjege kemal et, Şeýdip gelip dursa ýene dowamat, Hünär ýitmez, ylma hormat goýup geç, Hünär öwrendiňmi, ýene bir hünär, ýardamyny berer, ol Perwerdigär, Käsi aňsat düşer, käbiri gynar, kyn düşsede, kyn ýollary ýeňip geç, Ömür gysga, ýol tap uzalar ýaly Perzendiňe ganat gezeler ýaly, Sen hakda ýagşy söz düzüler ýaly, Ýagşylyk et halka... hormat goýup geç. Daýhan bol, çopan bol, bolgun merdana, birini kiçeldip, goýma girdaba, hyzmat etseň, berer rysgyň bir däne, Nebse bökme, bary bilen oňup geç, Remezan MÄMETGURBANOW. | |
|
| |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
