23:59 Kiçijik arzuw | |
|
Aladasyz dünýä bakar dideler, Ejeň ýorganyňy örter gijeler, Artyk kemiň yzygider ideler, Men ýene-de çaga bolasym gelýär. Kakamdyr öýderdim älemiň şasy, Söýer seni ynsanlaryň barysy, Dünýäniň gamyndan paýyň ýok asyl, Men ýene-de çaga bolasym gelýär. Otagyň mydama durandyr çaşyp, Ylgarsyň, bökersiň kuwwatyň daşyp, Wagt çygryn pozup ýyllardan aşyp, Men ýene-de çaga bolasym gelýär. Iýsem-de käteler ejemden şarpyk, Söýgüsin duýardym gahardan agdyk, Ýaşlygmyň dert-aladasyndan artyp, Men ýene-de çaga bolasym gelýär. Gaýdyp alyp kir kimirsiz kalbymy, Duýman galsyn ýaşlygymyň salgymy, Üýtgedip ornumy, durmuş salgymy, Meniň juda çaga bolasym gelýär. Mydam hünjülidir gamsyz gözleriň, Oýun garagolluk bolar gözlegiň, Ykbal, meni allaryňa dözmegin, Men dolanyp çaga bolasym gelýär. Ejemiň gujagy iň rahat düşek, Doganlarym bilen bolup depeşek, Gurjaklarym bolmasa-da üýtgeşik, Men ýene-de çaga bolasym gelýär. Wagt, ýöräbergin maňa garaşma, Senden ýüz öwürýän ýaşlyk, bagyşla, Islemerin asla yzyma aşma, Men mydama çaga bolasym gelýär. Annabeg AÝMAKOWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby. | |
|
| |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
