08:33 Köňlünde bolgaly yşky-habyby mähriban peýda... | |
![]() Köňlünde bolgaly yşky-habyby mähriban peýda Kylypdyr çeşmeler ýaly gözüm aby rowan peýda. Ýakar men jismi-janymy, özümi bikarar eýläp, Kylyp Kaknus dek, derdim odundan ýüz pygan peýda. Köňül yşkynda şeýdadyr, dilim zikirinde guýadyr, Weli tapmas jemalyn, göz görürge bir zaman peýda. Edip perýady bir ýoly pidaýy-jan kylgaý men, Güneş dek perdeden ýarym çykyp, bolsa aýan peýda. Neteý bu dert ody birle köýer janym pyrakynda, Wysal eýýamyndan tapman, diläp namy-nyşan peýda. Bu köý içre ýakyn bildim meni öltürmeýen goýmaz, Ýüregimden hararatlar besi boldy ýaman peýda. Niçe kim, Gaýyby, janym gyýnar men, ýar rehim etmez, Düşer köňlüme wehm, ondan bolup ýüz-müň güman peýda. | |
|
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |