20:40 Köpri | |
Haýwan-ynsan ýerden ýöräli bäri, aýatda dirilik döräli bäri, bir köpri bar ähli köprüden artyk. Ýatyr ol barçany özüne dartyp. Ynansañyz, sözlerimiñ küpri ýok. Owal-ahyr ondan täsin köpri ýok. Biri geçýär ondan, ýöräp barýarka. Biri geçýär, doglup-döräp barýarka. Otyrkalar, geçýänlerñem sany ýok, Ýatyrkalar, geçýänlerñem sany ýok. Bir bende arkaýyn geçse gyssanman, beýlekisi geçip bilmän gyssanýar. Garyp bolsañ, baý bolsañam geçmeli. Tüýs Karuna taý bolsañam, geçmeli. Ylgap, uçup geçýänlerñem çägi ýok, Asyl, ondan geçmezlige çäre ýok. Barymyza geçmek buýrugy Allañ, Geçmän galjak ýokdur Allany aldap. Nobat ýok bu ýerde, ömür güpürdi, Bu köpri ömür hem ölüm köprüsi. Öwezdurdy TEJEN. | |
|
| |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
