KÜÝSEÝÄN
Ýürekdäki armanym
Mähribanym küýseýän
Ýyllar geçdi görmänim
Mähribanym küýseýän.
Aýra düşmek bar käbäm
Didaryňa zar käbäm
Sensiz dünýäm dar käbäm
Mähribanym küýseýän.
Gelip dursa seň sesiň
Ganatlanýar höwesim
Gelýär seni göresim
Mähribanym küýseýän.
Myrat tapsa maksadym
Bir bagryňa bassadyň
Mähriň bilen ýaksadyň
Mähribanym küýseýän.
Myrat ÖMÜR.
Goşgular
Категория: Goşgular |
Просмотров: 810 |
Добавил: Gurban
| Теги: Myrat Ömür
| Рейтинг: 3.0 /3
Awtoryň başga makalalary
Goşgular bölümiň başga makalalary
Teswirleriň ählisi: 8
Порядок вывода комментариев:
По умолчанию
Сначала новые
Сначала старые
0
1
Garayolly
(24.08.2018 22:41)
Özüne çekiji goşgy
-1
Sahydursun Garajaýewa (häzirki familiýasy ýadymda däl) aýdym edip aýdýardy.
0
3
Garayolly
(25.08.2018 00:26)
Hawa, aýdyma laýyk, ýeňil okalýan goşgy
0
4
Garayolly
(25.08.2018 01:05)
Be, saýta näm boldyka?! Hemme dym-dyrslyk. Ýogsa swýaz-a oňuşarlyk işläp dur. Birki günden bäri gulagymyz kesilen ýaly bolup dur.
0
Garaýolly agam, Has Türkmen otpuska çykdy, häzir dynç alyşda. Saýtyň köp materiallaryny şol goýýardy, nesip bolsa bir näçe günden ýene öz işine başlar.
0
6
Garayolly
(25.08.2018 01:31)
Hä, şeylemi. Oñ yaly bolsa bolyar-ow. Bu sayta gaty owrenişipdirin.
0
Igdir Sahydursun Hojakowa familýasy
0
8
Badysaba
(25.08.2018 16:28)
Sadadan owadan goşgy. Aýdymy edilip ýerine ýetiriliş-ä edil ýüregiňi elendiriberýär. Myrat aga neresse daşary ýurtda okadymyka?