|
ÝALŇYZLYK
Haçan bu hesretiň ahyry geler,
Gussaň gandalyndan sypyp bolanok.
Şatlygyňy bölüşseň - taýyn hemmeler,
Gam - hasratyň paýlaşan ýok, alan ýok.
Asmanyň şasy deý ýalňyz otyryn,
Jebri-jepa aldy ýüregmiň teýin,
Görýän, guly bolup agyr takdyryň,
Ýyllar geçip gidýär görlen düýş deýin.
Gaýdyp gelýär hyýallarmy dagydyp,
Gelýär şol ozalky arzuwlarym-da.
Göz öňümde garaşyp dur tabydym,
Diýýän ýaly: uzak eglenme munda.
Şeýle bolsa, günleriň bir gününde,
Men bilemok, kime agramy ýeter.
(Güman ýokdur) şatlanarlar ölenme,
Begenerler doglan günümden beter...M. Lermontow
Goşgular
|
|
Категория: Goşgular |
Просмотров: 468 |
Добавил: ahallydan
| Теги:
| Рейтинг: 0.0/0 |
Awtoryň başga makalalary
Goşgular bölümiň başga makalalary
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
|
|
|